Habar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşdy.

Günüň ikinji ýarymynda Gahryman Arkadagymyz üçünji Antalýa diplomatiýa forumynyň geçirilýän ýeri bolan “Nest” kongresler merkezine ugrady. 

Mälim bolşy ýaly, Antalýa diplomatiýa foruma (ADF) möhüm ählumumy we sebit meseleleri boýunça pikir alyşmak, häzirki zamanyň wehimleriniň çözgütlerini tapmak, hyzmatdaşlygyň täze netijeli ugurlaryny işläp taýýarlamak üçin giň dialog meýdançasyny döretmäge gönükdirilen başlangyçdyr.

Watanymyz oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty durmuşa geçirip, dünýäniň döwletleri bilen ikitaraplaýyn esasda, şeýle hem sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň deňeçerli çözgütlerini ara alyp maslahatlaşmaga hem-de işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýän köptaraplaýyn görnüşlerde netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär.