Habar

Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekologiýa çäresine gatnaşyp, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynyň 140 ýyllygyna gabatlanylan köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berdi.

Irden milli Liderimiz Aşgabadyň günorta bölegine tarap ugrady. Köpetdagyň eteginde ýerleşýän bu künjekde paýtagtymyzyň işewür we medeni merkezi kemala gelýär, şeýle hem halkara derejesindäki döwrebap lukmançylyk desgalarynyň toplumy ýerleşýär. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz ekologiýa we sport çäresine badalga berip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýew bilen bilelikde, ýurdumyzyň baş şäheriniň gözel, owadan ýollaryndan geçýän ugur boýunça ýola düşdi.

Ýolugry wise-premýer döwlet Baştutanymyza Aşgabatdaky işleriň ýagdaýy, hususan-da, paýtagtymyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, onuň 140 ýyllygyna guramaçylykly taýýarlyk görmek boýunça görülýän çäreler hem-de gurulýan desgalarda işleriň depginini güýçlendirmek boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Welosipedli ýörişiň ugry boýunça, Bitaraplyk binasynyň golaýyndaky çatrykda bu çärä Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary goşuldylar.

Soňra welosipedli ýörişe Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary we Halk Maslahatynyň agzalary, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary goşuldylar.

Ýolugrunda sport çäresine köpsanly gatnaşyjylar, şol sanda talyp ýaşlar, şäher jemgyýetçiliginiň, ýaş nesliň wekilleri goşuldylar. Welosipedli ýörişe Döwletliler köşgünde terbiýelenilýänler hem ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.

Welosipedli ýörişiň barşynda döwlet Baştutanymyz häzirki döwrüň talaplaryndan ugur almak bilen, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak wezipelerine ünsi çekdi.

Milli Liderimiz ilatyň, ilkinji nobatda, ýaşlaryň bedenterbiýe we sportuň dürli görnüşleri bilen işjeň meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikleri göz öňünde tutmagyň zerurdygyny belläp, bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Ýolugrunda hormatly Prezidentimiz şäher we dag etek ýerleriniň gözelligine syn etdi. Maý aýynyň säher çagynyň arassa we hoştap howasy, Köpetdagyň etekleriniň ýaşyl lybasa beslenen ajaýyp ýerleri ruhubelentlik hem-de ýatdan çykmajak täsirleri bagyş edýär.

Hormatly Prezidentimiz welosipedli ýörişi tamamlap, ýurdumyzyň Baş meýdançasyna tarap ugrady. Milli Liderimiz welosipedli ýörişiň bellenen aralygyny ussatlyk bilen geçip, bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň adamyň beden taýdan sagdynlygy hem-de ruhy taýdan kämilleşmegi üçin uly ähmiýete eýedigini ýene-de bir gezek aýdyňlyk bilen görkezdi.