Habar

2024-nji ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Arkadag şäheriniň gümrükhanasynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi Ozon gatlagyny goramak hakyndaky Wena Konwensiýasyndan we onuň Ozon gatlagyny dargadyjy maddalar hakyndaky Monreal Teswirnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň durmuşa geçirilmegi bilen bagly, Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasy (UNIDO) bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezinde «Ozon dargadyjy maddalaryň we gidroftoruglerodlaryň bikanun söwdasynyň öňüni almak boýunça» ýörite okuw çäresini geçirdi.

Okuw çäresine gatnaşan harby gullukçylara degişli wekiller tarapyndan bu ugra degişli wideo görnüşler, slaýdlar we beýleki maglumatlar sanly ulgamyň mümkinçilikleri arkaly görkezildi.

Bu geçirilen okuw çäresi harby gullukçylaryň bilim derejelerini artdyrmaga, olaryň hünär başarnyklaryny ýokarlandyrmaga uly itergi berdi. Bu ugurda ýurdumyzyň halkara guramalary bilen amala aşyrýan hyzmatdaşlyklary hem-de kabul edilen kanunçylyk namalary dogrusynda Daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekili giňişleýin belläp geçdi.