Habar

Hormatly sergä gatnaşyjylar!

Gadyrly söwda toplumynyň işgärleri!

Sizi Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Garaşsyz Watanymyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giň gerimde amala aşyrylýan Prezident Maksatnamasynyň baş maksady ykdysady ösüşi hil taýdan täze derejä çykarmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak bolup durýar. Milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini dowam etdirmäge, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny berkitmäge gönükdirilen maksatnamalaýyn wezipeleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde, söwda toplumy häzirki wagtda halk hojalygynyň okgunly ösýän pudaklarynyň birine öwrüldi.

Ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak, söwda hyzmatlaryny kämilleşdirmek, esasan-da, halkyň sarp edýän harytlaryna bolan islegleri kanagatlandyrmak häzirki döwürde söwda toplumynyň öňünde durýan esasy wezipelerdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzyň bazarlarynda haryt dolanyşygynyň barha artýan möçberi bu wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň, ilatyň abadançylygynyň, durmuş derejesiniň ýokarlanýandygynyň güwäsidir.

Eziz watandaşlar!

Ýurdumyzda milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, innowasiýalary giňden ornaşdyrmak boýunça uly işler amala aşyrylýar. Bu ugurda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň düzüminde ýokary tehnologiýaly önümçilik kärhanalaryny döretmek, ýerli çig maldan öndürilýän bäsdeşlige ukyply önümleriň görnüşlerini we möçberini artdyrmak babatda alnyp barylýan işler has-da buýsandyrýar. Hususan-da, pagta süýüminden ýüplükleri taýýarlaýan, dürli matalary dokaýan, tikinçilik önümlerini öndürýän kärhanalar ykdysadyýetiň depginli ösdürilmegine saldamly goşant goşýarlar. Häzirki döwürde ýokary hilli, ekologik taýdan arassa «Gala», «Ýeňiş», «Goza», «Wada», «Nusaý», «Bedew», «Bürgüt», «Akpamyk», «Merw», «Jeýtun», «Mäne» ýaly haryt nyşanly dokma önümlerimize içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýär.

Türkmen halkynyň milli el halyçylyk sungatynyň özboluşlylygyny gorap saklamak we kämilleşdirmek boýunça hem uly işler amala aşyrylýar. Biziň el halylarymyz deňi-taýy bolmadyk gözelligi, ýokary hili bilen meşhurdyr. Bu ugurda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň kärhanalary türkmen el halysyny dokamagyň usullaryny geljek nesillere ýetirmek, gadymy nagyşlardyr göller salnan köpöwüşginli halylary dokamak, halylaryň gadymy nusgawy görnüşlerini dikeltmek boýunça guwandyryjy netijeleri gazanýarlar. Törlerimiziň bezegi bolan el halylarymyz içerki we daşary ýurtlardaky alyjylaryň sargytlary boýunça hem dokalýar. Bu bolsa halkymyzyň çeperçilik medeniýetiniň ajaýyp mirasy bolan türkmen halylarynyň dünýädäki meşhurlygyny has-da artdyrýar.

Bu gün giňden ýaýbaňlandyrylan Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisi ýurdumyzyň dokma pudagynyň, milli el halyçylyk sungatynyň ösüşlerine baha bermäge-de mümkinçilik döreder.

Hormatly myhmanlar!

Eziz watandaşlar!

Sergide ýurdumyzyň telekeçilik ulgamynyň ösüşine, hususy önüm öndürijileriň eksport mümkinçiliklerine aýratyn orun berilýär. Çünki biz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksporta gönükdirilen önümleriň öndürilişini artdyrmak, täze senagat ugurlaryny döretmek boýunça maksatnamalary durmuşa geçirmekde türkmen telekeçilerine bil baglaýarys we munuň üçin ähli zerur şertleri döredýäris.

Bu alnyp barylýan tutumly işleriň netijesinde, Türkmenistanyň dünýä ýurtlary bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy barha ösdürilýär. Harytlarymyzyň bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlanyp, ýurdumyzyň içerki bazarynda haryt bolçulygyny berkitmekde, daşary söwdany giňeltmekde oňat netijeler gazanylýar. «Türkmenistanda öndürilen» nyşanly harytlar bu gün dünýä bazarlarynda giňden tanalýar we ýokary hili, ygtybarlylygy bilen tapawutlanýar.

Hormatly myhmanlar!

Eziz watandaşlar!

Garaşsyz döwletimiz gysga wagtyň içinde durnukly ösüş ýoluna düşdi. Geçirilýän özgertmeler, oýlanyşykly çözgütler ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek bilen birlikde, türkmen topragynda öndürilýän ýokary hilli önümleri daşary ýurtlara eksport etmäge hem giň mümkinçilik berýär. Bu sergi bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda beýleki pudaklar bilen bir hatarda, söwda toplumynyň hem maksatnamalaýyn wezipeleri üstünlikli amala aşyrýandygyny we belent sepgitlere ýetýändigini aýdyň görkezýär.

Hormatly sergä gatnaşyjylar!

Sizi Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisiniň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadançylyk, alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti 

Serdar BERDIMUHAMEDOW.