Habarlar

Ýurdumyz 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy tassyklandy
2 Few
Ýurdumyz 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy tassyklandy

2019-njy ýylyň 1-nji fewralynda geçen ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň netijelerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy tassyklandy.

Döwlet Baştutanymyz ykdysadyýetimize sanly ulgamy ornaşdyrmak, ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek we beýleki döwletlere iberilýän harytlaryň möçberini artdyrmak maksady bilen «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky» Karara gol çekdi. 

Mejlisde ykdysadyýetimiziň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Hökümet tarapyndan teklip edilýän nusgasy esasy ugurlaryň birnäçesini birleşdirýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we şolaryň her biri barada jikme-jik durup geçdi. 

Birinjiden, senagat pudaklaryny we hyzmatlar ulgamyny düzüm taýdan üýtgedip guramak göz öňünde tutulýar. Bu bolsa ylmy-tehniki derejesi we goşulan bahasy pes bolan senagat önümlerini öndürmekden, ýokary tehnologiýaly önümçiligi goldamaga ähmiýet bermek bilen, goşulan bahasy ýokary derejede bolan önümleri öndürmäge geçmegi aňladýar. 

Ikinjiden, hususylaşdyryp we paýdarlar jemgyýetlerine öwrüp, döwlete degişli eýeçiligi azaltmagy işjeň dowam etmegi göz öňünde tutýar. 

Üçünjiden, kärhanalary üýtgedip guramagy öz içine alýar. Munuň üçin dolandyryş we önümçilik babatda dünýäde gazanylan iň täze ylmy we tehnologik üstünlikleri ulanmak meýilleşdirilýär. Şoňa laýyklykda, dolandyryş ulgamy hem özgerdiler. Sebäbi sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly kärhanalary üýtgedip guramak ykdysadyýetimiziň täze durkuny döretmek üçin esas bolup durýar. 

Dördünjiden, maksatnama marketing strategiýasyna hem düzedişleri girizmegi öz içine alýar. Umumylaşmak we halkara derejesinde goşulyşmak kärhanalar üçin örän uly bazarlary açýar. Olara öz maýa goýum taslamalaryndan gelip çykýan artykmaçlyklary doly derejede peýdalanmaga mümkinçilik berýär. 

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz biz önümleri we eksport bazarlaryny diwersifikasiýalaşdyryp, harytlaryň birnäçe bazara bagly bolmagyny çäklendireris diýip, sözüni dowam etdi. Şol bir wagtda bolsa, içerki bazary, aýratyn-da, oba ýerlerinde ösdürmegi höweslendireris. 

Umuman, döwlet çykdajylaryny azaltmak we hususy pudagyň hem-de daşary ýurt firmalarynyň maýa goýumlaryny çekmek üçin şertleri ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar. Maýa goýmagyň täze görnüşlerini işläp taýýarlamak, hususan-da, döwlet bilen hususyýetçiligiň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak bellenilýär. 

Elektrik energetikasy, nebiti we gazy çykarmak hem-de gaýtadan işlemek, elektronika, senagat, oba hojalyk, ulag we aragatnaşyk hem-de syýahatçylyk pudaklary ykdysadyýetimiziň hereketlendiriji güýjüne öwrülmeli esasy ulgamlar hökmünde kesgitlenildi. 

Şeýle hem sanly ykdysadyýet, sanly lukmançylyk we sanly bilim ulgamy biziň ileri tutýan maksatlarymyz bolar. Döwletimizi sanly ulgama geçirmäge gönükdirilen şu ugurlar boýunça biz eýýäm işe başladyk diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şu maksatnamanyň amala aşyrylmagy netijesinde, nesip bolsa, ata Watanymyz oba hojalyk ülkesi bolanlygyndan senagat taýdan ösen ýurda öwrüler. Mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýy has gowulanar. Bu bolsa biziň esasy maksadymyzdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

http://www.turkmenistan.gov.tm