Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Golf klubyna bardy
24 Few
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Golf klubyna bardy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow egindeşleri bilen paýtagtymyzdaky Golf klubynyň meýdançasynda bolup, sportuň bu görnüşini wagyz etmek boýunça geçirilen işler bilen tanyşdy.

Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy A.Dadaýew we Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew häzirki döwürde paýtagtymyzyň çäklerinde ýerine ýetirilýän gurluşyk işleriniň netijeleri, sport ulgamyna degişli täze desgalary gurmak boýunça meýilleşdirilen çäreler, şeýle hem paýtagtymyzyň ýokary ekologiýa derejesini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler. Şeýle hem milli Liderimize ýokarda agzalan ugurlarda ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan durmuşa geçirilýän taslamalar barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz egindeşleri bilen gürrüňdeşlikde gadymy döwürlerde, türkmenleriň arasynda golfa meňzeş çilik oýny oýnalypdyr diýip aýtdy. Çilik adamda çakganlygy, ünslüligi, başarjaňlygy we sagdynlygy terbiýeleýär hem-de kuwwat berýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, türkmen halkynyň taryhynda häzirki zamanda dünýäde giňden ýaýran sport oýunlarynyň döremegine esas bolan halk oýunlary aýratyn orun eýeleýär. Olar terbiýeçilik we çylşyrymlylyk taýdan gitdigiçe çuňlaşdyrylypdyr.

Golf oýny çilik oýnuna çalymdaşdyr diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Ol gadymdan çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda meşhurdyr.

Häzirki döwürde bu oýun täzeçe döreýär. Dünýäde giňden ýaýran golfuň gadymy türkmen oýny bolan çilik bilen ugurdaşdygyny bellemeli. Bu oýnuň ynsan saglygy üçin aýratyn ähmiýeti bar. Bu oýun bedeni taplamak bilen birlikde, ýürek-damar, süýji kesel, göwnüçökgünlik ýaly keselleriň öňüni almaga ýardam edýär. Adamyň aň-bilim hem-de sport başarnygyny artdyrýar. Abraýly lukmançylyk boýunça hünärmenler golf oýnunyň ynsan ömrüni uzaltmakda örän möhümdigini tassyklaýarlar.

Hormatly Prezidentimiz köp asyrlaryň dowamynda türkmenleriň belent ruhly nesilleriniň kemala gelmegine ýardam eden sportuň milli görnüşleriniň baý mirasyny wagyz etmek boýunça işleri yzygiderli dowam etmek babatynda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty ösdürmek, ýurdumyzda ýokary ekologiýa derejesini üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşmelidigini ýene bir gezek belledi we hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw edip, olar bilen hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.



www.turkmenistan.gov.tm