Habarlar

Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisi
22 Few
Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy, şeýle hem birnäçe resminamalar kabul edildi.

Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimize ýurdumyzy we onuň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, welaýatlaryň ykdysadyýeti, Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Şeýle hem Milli Liderimiziň garamagyna «Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi hakynda Düzgünnamany tassyklamak hakynda» hem-de «Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti hakynda Düzgünnamany tassyklamak hakynda» kararlaryň taslamalary hödürlenildi.

Milli Liderimiz sözüniň dowamynda Türkmenistanyň suw gorlaryny aýawly saklamak we rejeli peýdalanmak boýunça netijeli halkara hyzmatdaşlygyna uly goşant goşýandygyny belledi. Biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň, «Rio+20» Bütindünýä sammitiniň, Koreýa Respublikasynda geçirilen VII Bütindünýä Suw forumynyň, geçen ýyl Täjigistanyň paýtagtynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň hereketleriň on ýyllygyna bagyşlanan «Durnukly ösüş üçin suw, 2018 — 2028-nji ýyllar» atly ýokary derejeli halkara maslahatyň belent münberlerinden beýan edilen birnäçe anyk başlangyçlar bilen çykyş etdi.

Soňra hormatly ýurt Baştutanymyza «Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde howa menzilini gurmak hakyndaky» kararyň taslamasy barada hasabat berildi. Hormatly Prezidentimiz hödürlenen resminama gol çekdi hem-de Kerki şäherinde howa menziliniň gurulmagynyň ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň mümkinçiliklerini giňeltjekdigini, howa ýollary arkaly ýük daşalmagynyň we ýolagçy gatnadylmagynyň ýokary derejede amala aşyrylmagyny üpjün etjekdigini belläp, bu desgany gurmak babatda anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimize «Aşgabat şäherinde Welosiped binasyny gurmak hakyndaky» kararyň taslamasy hödürlenildi. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen resminama gol çekip, bu ajaýyp heýkeltaraşlyk kompozisiýasynda Türkmenistanyň belent döredijilik ruhuny, onuň ynsanperwer gymmatlyklara hem-de halkara sport hereketine ygrarlydygyny, gülläp ösüşe we rowaçlyga ymtylyşyny alamatlandyrmalydygyny nygtady.

Soňra Milli Liderimize mart aýynda geçiriljek baýramçylyk çärelerine hem-de milli senenamamyzyň şanly senelerine, bu senelere gabatlanan medeni-durmuş ähmiýetli desgalaryň açylyşyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi. Tutuş ýurdumyz boýunça däbe görä, hormatly Prezidentimiziň adyndan gelin-gyzlarymyza pul sowgatlarynyň gowşurylyş dabaralary geçiriler. Paýtagtymyzda bahar baýramçylyklarynyň öň ýanynda birnäçe bäsleşikleriň jemi jemleniler. Döwlet Baştutanymyz Halkara zenanlar güni, Milli bahar baýramy mynasybetli dabaralara taýýarlyk görmek baradaky meselelere degip geçip, bu dabaralaryň parahatçylygy, ylalaşygy, gözelligi alamatlandyrýan bu nurana baýramçylygyň ruhuna laýyk gelmelidigini belledi.

Şeýle hem Mejlisiň barşynda hormatly ýurt Baştutanymyza Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň döwürleýin metbugatynyň elektron görnüşlerini döretmek hem-de olary okyjylara öz wagtynda ýetirmek üçin sanly ulgamy peýdalanmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berildi. Şu ýylyň ýanwar aýynda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň saýtynda (http://metbugat.gov.tm/) «Rowaçlyk» sahypasy döredildi, döwürleýin neşirleriň makalalary bilen dessine tanyşmaga mümkinçilik döredýän «Gazetler» we «Žurnallar» bölümleri işläp başlady.

Hormatly Prezidentimiz döwürleýin neşirleri ýaýratmakda internetiň we döwrebap sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerini netijeli ulanmagyň ähmiýetine ünsi çekip, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň dessine işlemeginiň hem-de ýaýrawynyň giň bolmagynyň olaryň üstünliginiň we meşhurlygynyň girewidigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy hem-de şolar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisini jemläp, oňa gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.



www.turkmenistan.gov.tm