Habarlar

Buharestde «Hazar deňzi – gara deňiz» halkara ulag ugrunyň döredilmeginiň taslamasy boýunça dörttaraplaýyn duşuşygy geçirildi
5 Mar
Buharestde «Hazar deňzi – gara deňiz» halkara ulag ugrunyň döredilmeginiň taslamasy boýunça dörttaraplaýyn duşuşygy geçirildi

2019-njy ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän türkmen wekiliýeti Buharest şäherinde geçirilen «Hazar deňzi – Gara deňiz» halkara ulag ugrunyň döredilmeginiň taslamasy boýunça Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Rumyniýanyň daşary işler ministrleriniň dörttaraplaýyn duşuşyga gatnaşdy diýip Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýty habar berýär.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ýörite duşuşygynyň gün tertibine «Gündogar-Günbatar» ykdysady hyzmatdaşlygynyň geografiki ugrunyň möhüm bölegi bolan täze ulag-üstaşyr geçelgesiniň döredilmegi bilen bagly bolan meseleler girizildi. Bu mazmunda ministrler gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň jemleri boýunça oňa gatnaşyjylar Buharest Jarnamasyny kabul etdiler.