Habarlar

Turkmenistan — BMG: nesilleriň abadançylygynyň bähbidine hyzmatdaşlyk
16 Mar
Turkmenistan — BMG: nesilleriň abadançylygynyň bähbidine hyzmatdaşlyk

Türkmenistany Döwlet habarlar gullugynyň habar bermegine görä, 2019-njy ýylyň 15-nji martynda Aşgabat şäherinde BMG-niň wekilhanasynyň binasynda Türkmenistanda 2018 — 2022-nji ýyllarda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça Hereketleriň milli meýilnamasynyň Ýol kartasyny işläp taýýarlamaga bagyşlanan maslahat geçirildi.

ÝUNISEF-niň wekilhanasynyň baştutany hanym Şahin Nilofer çykyşynda ýurdumyzyň 2018 — 2022-nji ýyllarda ÝUNISEF-niň Ýerine Ýetiriji ge­ňeşiniň agzalygyna saýlanmagynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň işjeň­leşdirilýändigini nygtady. Türkmenistanyň Prezidentiniň çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça Hereketleriň milli meýilnamasynyň tassyklanmagy hyzmatdaşlygyň möhüm netijesine öwrüldi. Ol, ýurduň milli bähbitlerine bolşy ýaly, Durnukly ösüşiň ählumumy maksatlaryna laýyk gelýär.

«Tegelek stol» görnüşinde geçirilen bu gezekki maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanda 2018 — 2022-nji ýyllarda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça Hereketleriň milli meýilnamasynyň Ýol kartasyny işläp taýýarlamagyň, ony ýerine ýetirmegiň, maglumatlary ýygnamagyň we olary seljermegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem bu ulgamda öň­de durýan möhüm wezipeleri iş ýüzünde amala aşyrmagyň mümkin bolan ugurlary öňe sürüldi.