Habar

 

2024-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýewiň Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň Merkezi Aziýadaky sebitleýin wekilhanasynyň täze bellenen ýolbaşçysy Oliwer Ştolpe bilen duşuşygy geçirildi.

Sözüniň başynda Gullugyň başlygy Oliwer Ştolpeni BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň Merkezi Aziýadaky sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine bellenmegi bilen gutlady we onuň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň we BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdüriljekdigine ynam bildirdi.  Soňra ol Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýagdaýyna baha berdi. «Konteýnerli daşamalara gözegçilik etmek» Maksatnamasynyň çäginde alnyp barylýan işler, aýratyn-da gümrük işgärleriň halkara tejribesini we olaryň hünärini ýokarlandyrmak boýunça edilýän işler bellenildi.

Öz gezeginde Oliwer Ştolpe duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin sagbolsun aýdyp, Türkmenistanyň Hökümetine we Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyna şu ýylyň 11-12-nji iýuny aralygynda Aşgabat şäherinde «Konteýnerli daşamalara gözegçilik etmek» Maksatnamasynyň çäginde Gümrük gulluklaryň ýolbaşçylarynyň 9-njy duşuşygyny guramakda we üstünlikli geçirilmeginde ýardamy üçin Türkmenistanyň Hökümetine we Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyna minnetdarlyk bildirdi.

 

Soňra, duşuşygyň dowamynda taraplaryň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşmalar boldy.