2024-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Ýaponiýanyň ykdysadyýet ministrliginiň gümrük we tarifler boýunça edarasynyň wekilleriniň geçirmeginde Gümrük töwekgelçilikleri dolandyrmak ugry boýunça wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly okuwy guraldy. Ýaponiýanyň gümrük edarasynyň hünärmenleri Kazumo Matsumoto we Taiki Natsumi Gümrük töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamyny ulanmakda öz tejribeleri bilen paýlaşdylar.
Çykyşyň birinji bölegi Ýaponiýanyň Gümrük edarasy, onuň alyp barýan işine bagyşlandy. Ýaponiýanyň gümrügi tarapyndan ileri tutulýan üç sany wezipe we söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek üçin görülýän çäreler barada aýdyldy. Ýaponiýanyň gümrük edaralarynda harytlary gümrük taýdan resmileşdirmegiň wagtyny çaltlaşdyrmakda esasy ulanylýan ulgam bolan NACCS (Nippon Automated Cargo and port Consolidated System) bilen tanşyldy.
Soňra Ýaponiýanyň ähli gümrük edaralarynda ulanylýan gümrük töwekgelçiligini dolandyrmak ulgamynyň ulanylyşy boýunça çykyş diňlendi. Şunda okuwa gatnaşyjylar, bu ulgamdan netijeli peýdalanmagy gazanmak bilen bagly sorag-jogap alyşdylar, gümrük töwekgelçiligini dolandyrmak ulgamy babatda Ýaponiýanyň kanunçylyk namalary bilen tanyşdylar hem-de görkezilen mysallar boýunça töwekgelçiliklere baha bermegiň, görkezijileri kesgitlemegiň hem-de töwekgelçilikleri azaltmagyň usullaryny öwrendiler.