Habar

2024-nji ýylyň 18-20-nji noýabry aralygynda Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak maksatnamasy (BOMCA 10) tarapyndan USAID maksatnamasy bilen hyzmatdaşlykda Döwlet gümrük gullugynyň işgärleri üçin harytlary gümrük taýdan resmileşdirmegiň sanly ulgam arkaly amala aşyrylmagy bilen bagly maglumat akymyny dolandyrmak boýunça okuw çäresi gurnaldy. Bu çäre Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynyň binasynda bolup geçdi we oňa gümrük amallaryny awtomatlaşdyrmak bölüminiň işgärleri gatnaşdy.

Okuw çäresiniň maksatnamasy gümrük amallaryny sanlylaşdyrmak we awtomatlaşdyrmak, bar bolan gümrük maglumat ulgamlary, sanly gümrük hyzmatlary, şeýle hem Bir penjire ulgamynyň işe girizilmegi we kämilleşdirilmegi üçin tehniki ýardam bermäge gönükdirilen.  

Çäräniň dowamynda gümrük amallaryny awtomatlaşdyrmakda täze çemeleşmeler, şol sanda gümrük maglumatlar ulgamynda emeli aňyň ulanylyşy ýaly mowzuklar ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanda elektron gümrük deklarasiýalarynyň we sanly hyzmatlaryň ulanylyşyna aýratyn ähmiýet berildi.  

Okuw çäresiniň netijesi boýunça Latwiýanyň döwlet girdejiler gullugynyň Gümrük müdirliginde bilermenleri Olga Wikaine we Marianna Asoýewa elektron deklarirleme ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi we kämilleşdirilmegi üçin gollanmany taýýarladylar.