2024-nji ýylyň 26-njy noýabrynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli geçirilen «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2024» atly halkara maslahatyna we sergisine Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy öz sergi diwarlygy bilen işjeň gatnaşdy.
Gümrük gullugynyň sergi diwarlarynda ýurdumyzda gümrük edaralarynda döredilýän häzirki zaman döwrebap şertler, gümrük amallarynda sanly ulgamynyň we innowasion tehnologiýalaryň ulanylyşy, serhetýaka gümrük nokatlarynda işleriň guralyşy we üstaşyr ulag geçirijiligi ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri beýan edýän şekilli görnüşleri bilen sergä gatnaşyjylar giňden tanyşdyryldy. Sergide Türkmenistanyň gümrük edaralaryna ornaşdyrylan döwrebap sanly ulgamlaryň ähmiýetini beýan edýän şekilli görnüşleri bilen giňişleýin çykyşlar gurnaldy.
Halkara çäräniň çäginde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň gümrük administrasiýasynyň (IRIСА) we Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) arasynda halkara ulag daşamalar ulgamy arkaly ulag we üstaşyr howpsuzlygyny artdyrmak boýunça Özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekildi.