Habar

2024-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda Ýaponiýanyň Maliýe ministrliginiň Gümrük we tarifler boýunça edarasynyň wekilleri bilen «Bir penjire» ulgamynyň tejribesini öwrenmek boýunça wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly tejribe alyşmak duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri ýurdumyzda Gümrük gullugy tarapyndan ornaşdyrylan «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň aýratynlyklary we ýerine ýetirýän wezipeleri barada Ýaponiýanyň gümrük edarasynyň hünärmenlerini tanyşdyrdylar. Şeýle-de ýaponiýaly hünärmenler öz gezeginde «Gümrük maglumat ulgamy» hem-de «Bir penjire» ulgamlary boýunça öz tejribelerini paýlaşyp, bu ulgamlaryň ornaşdyrylyşy, ýerine ýetirýän wezipeleri we işleýiş tertibi boýunça giňişleýin belläp geçdiler. 

 

Taraplar duşuşygyň dowamynda degişli ugurlar boýunça sorag-jogap alşyp, pikir alyşdylar.