Gümrük habarlary

«Gahrymanlar ýüreklerde baky ýaşar» atly baýramçylyk dabarasy
7 Maý
«Gahrymanlar ýüreklerde baky ýaşar» atly baýramçylyk dabarasy

2019-njy ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 74 ýyllygy mynasybetli «Gahrymanlar ýüreklerde baky ýaşar» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasyna Gullugyň harby gullukçylary we Gümrük gullugynyň hatarynda birnäçe ýyl zähmet çekip hormatly dynç alyşa çykan zähmet weteranlary gatnaşdylar.

Baýramçylyk dabarasynda çykyş edenler zalym urşuň söweş meýdanlarynda türkmen gerçekleriniň görkezen gahrymançylyklary, tylda galanlaryň zähmet edermenlikleri, olaryň belent watansöýüjilik mekdebiniň şu günki ýaş neslimizi terbiýelemekdäki ähmiýeti barada gyzykly gürrüň berdiler. 

Şeýle hem baýramçylyk dabarasynda Gümrük gullugynyň aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde Beýik Ýeňşi, ajaýyp zamanamyzy, bagtyýar döwrümizi wasp edýän aýdym-sazlaryň owazlary belentde ýaňlandy.