Habarlar

Aşgabatda ýokary derejeli türkmen-rus gepleşikleri geçirildi
8 Maý
Aşgabatda ýokary derejeli türkmen-rus gepleşikleri geçirildi

2019-njy ýylyň 7-nji maýynda Aşgabatda ýokary derejeli türkmen-rus gepleşikleri geçirildi, olara gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygynyň orunbasary – Hökümetiň Diwanynyň ýolbaşçysy K.A.Çuýçenko tarapyndan başlyklyk edilýän wekiliýet ýurdumyza geldi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habarlar gullugy habar berýär

Günüň birinji ýarymynda myhman Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda türkmen-rus gatnaşyklaryna degişli bolan derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Soňra Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 11-nji mejlisi geçirildi.

Mejlisiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýetli ugurlaryny, has takygy söwda-ykdysady häsiýetli meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Mejlise gatnaşyjylar iki ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň arasyndaky özarabähbitli hyzmatdaşlygyň ösüşine, gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi bilen bagly meselelere seredip geçdiler, şeýle hem söwda amallarynyň durmuşa geçirilişiniň barşyny ara alyp maslahatlaşdylar.