![oops](https://customs.gov.tm/storage/posts/973/img/cropped-167ad9c1e3cd93.jpg)
2025-nji ýylyň 10-njy fewralynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezinde Harytlary beýan etmegiň we kodlaşdyrmagyň utgaşdyrylan ulgamy hakynda halkara Konwensiýa boýunça okuw maslahaty öz işine başlady. Çäre, Hytaýyň Gümrük hyzmatdaşlygy gaznasynyň hemaýatkärliginde Bütindünýä gümrük guramasy bilen bilelikde guraldy. Okuw maslahaty Bütindünýä gümrük guramasynyň bilermenleri Braziliýaly Ýara Nowis we Ispaniýaly Alvaro Fernandes tarapyndan geçirilýär. Çäre, Gümrük gullugynyň 20 sany gümrük işgäriniň gatnaşmagynda geçirilýär.
2023-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan Harytlary beýan etmegiň we kodlaşdyrmagyň utgaşdyrylan ulgamy hakynda halkara Konwensiýa goşulyşmak hakynda Kanun kabul etdi. Konwensiýa Türkmenistan üçin 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda güýji girdi. Bu okuw maslahaty agzalan Konwensiýanyň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmek maksady bilen guraldy. Şeýle-de, okuw maslahaty Harytlary beýan etmegiň we kodlaşdyrmagyň utgaşdyrylan ulgamy babatda Bütindünýä gümrük guramasynyň gurallary bilen tanyşmak üçin mümkinçilik berýär.
Okuw maslahatynyň maksatnamasy Harytlary beýan etmegiň we kodlaşdyrmagyň düşündirişiň umumy düzgünleri, Sazlaşdyrylan ulgamyň bölümleriniň gerimi, şol sanda oba hojalyk önümleri, azyk goşundylary, agaç önümleri, dokma we tehnika ýaly dürli ugurlarda harytlaryň klassifikasiýasy ýaly temalary öz içine alýar.