Habarlar

Altyn Asyr kölüniň golaýynda täze durmuş-önümçilik toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi
9 Maý
Altyn Asyr kölüniň golaýynda täze durmuş-önümçilik toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi

2019-njy ýylyň 8-nji maýynda «Altyn Asyr» Türkmen kölüniň golaýynda täze durmuş-önümçilik toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy bolup geçdi. Bu barada Türkmen Döwlet habarlar gullugy habar berýär.

Bu dabaraly çärä Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Döwlet Baştutany ýadygärlik ýazgysyny goýdy we ol kapsula ýerleşdirildi, bu bolsa täze toplumyň desgalarynyň biriniň binýadyna goýuldy.

Şeýle hem bu çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy we wekilleri, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, halkara bilermenleri, daşary ýurtlaryň we ýurdumyzyň žurnalistleri gatnaşdylar. 

Täze iri göwrümli durmuş-önümçilik toplumy hem-de Türkmen köli bu sebitde biri-biriniň üstüni ýetirýän desgalar bolup, bu ýerde ekerançylyk, maldarçylyk we oba hojalygynyň beýleki ulgamlarynda işleýän adamlar ýaşap bilerler. Işlenilip düzülen meýilnama laýyklykda durmuş-önümçilik toplumy iki tapgyrda gurlar we onuň birinji tapgyry 2019-njy ýyldan 2022-nji ýyllar aralygynda, ikinji tapgyry bolsa 2022-nji ýyldan 2025-nji ýyllar aralygynda gurlup ulanmaga beriler.