
2025-nji ýylyň 31-nji martyndan 4-nji apreli aralygynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezinde Bütindünýä gümrük guramasynyň bilermenleri jenap Daşgyn Alyýew we Žaýdar Inkerbaýew iş saparynda boldular. Iş saparynyň maksady Strategiki meýilnamalaşdyryşy taýýarlamak üçin tehniki ýardamy bermek.
Saparyň dowamynda bilermenler Gullugyň ýanyndaky Okuw merkeziniň işine baha bermek, bu ýerde Sebitleýin okuw merkezini döretmek hem-de onuň geljekde netijeli işlemegi babatda meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin iş duşuşyklaryny geçirdiler, şeýle hem Okuw merkeziniň strategiki meýilnamasyny bütindünýä gümrük guramasynyň görkezmesine laýyk edip işläp taýýarlamaga ýardam etdiler.
Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri Türkmenistanda gümrük ulgamyny döwrebaplaşdyrmak ugrundaky alnyp barylýan işlere ýokary baha berdiler we bu ýerde Sebitleýin okuw merkeziniň döredilmeginiň diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem tutuş sebitde gümrük hünärmenleriniň hünärlerini ýokarlandyrmak işi üçin ähmiýetli bolar diýip bellediler.
Saparyň jemini jemläp taraplar, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli tagallalaryň ediljekdigini tassyklap, Türkmenistanda BGG-niň Sebitleýin okuw merkeziniň döredilip, onuň geljekde netijeli işlemegi babatda umyt bildirdiler.