Habar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda halkara ähmiýetli ulag-üstaşyr geçelgeleri ösdürmek boýunça giň möçberli işler amala aşyrylýar. Döwlet gümrük gullugy hem bu ugurda öz işlerini döwrüň talabyna laýyklykda sanlylaşdyrýar, gümrük çärelerini utgaşdyrýar we harytlaryň üstaşyr geçmegini çaltlandyrmak üçin täze usullary ornaşdyrýar.

Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti (GIZ) tarapyndan 2024-nji ýylyň oktýabr-noýabr aýlarynda geçirilen barlagda, Merkezi Aziýa ýurtlarynda harytlaryň üstaşyr geçmegi boýunça wagt, çykdajy we resminamalar seljerildi. Bu seljermä görä, Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçýän ýükleriň gümrük serhedinden geçiş wagty ortaça 50 minut bolup, bu görkeziji Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda iň gysga wagtyň biridir. Mysal üçin: Gazagystan – 2 sagat 26 minut, Täjigistan – 1 sagat 50 minut, Gyrgyzystan – 1 sagat 28 minut, Özbegistan – 1 sagat 25 minut.

Bu görkeziji Türkmenistan döwletiniň Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ygtybarly üstaşyr köprü hökmünde ornunyň barha pugtalanýandygyny tassyklaýar. Bu strategik ugurda bolsa Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy möhüm orny eýeleýär.

Türkmenistanyň döwlet serhet geçelgelerinde maglumat ulgamlaryny ulanmak arkaly gümrük we beýleki gözegçilik edaralarynyň utgaşykly işlemegi, "ýaşyl geçelgeleriň" ornaşdyrylmagy, şeýle hem gümrük amallarynyň ýönekeýleşdirilmegi netijesinde işleriň tizligi ýokarlandy.

Bu netijeler ýurdumyzda döredilýän sanly we howpsuz gümrük giňişliginiň dünýä derejesinde üstünlikli ornaşdyrylýandygyny görkezýär. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy geljekde hem halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, sebitleýin üstaşyr geçelgeleri giňeltmek boýunça işleri dowam eder.