
2025-nji ýylyň 28-29-njy iýuly aralygynda Türkmenbaşy halkara deňiz portunda Deňiz portlarynda howpsuzlyk we töwekgelçilikleri dolandyrmak atly sebitleýin okuw maslahaty geçirildi. Bu halkara okuw çäresine Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary bilen bir hatarda, Azerbaýjanyň, Albaniýanyň, Çernogoriýanyň, Gazagystanyň, Päkistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň wekilleri we beýlekiler gatnaşdylar.
Bu okuw maslahatynyň çäklerinde konteýnerlerde ýük daşamagyň hukuk binýadyny berkitmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň ähmiýeti aýratyn bellenilip geçildi. Döwlet gümrük gullugynyň gümrük edaralarynda bu ugurda döredilen şertler, halkara söwdany ösdürmekde Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri sebitleýin okuw maslahatyna gatnaşanlarda aýratyn täsir galdyrdy. Soňra okuw maslahatyna gatnaşyjylar Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşdylar.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy, Bütindünýä Gümrük guramasynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň bilelikdäki «Konteýnerli ýük daşamalara gözegçilik boýunça Maksatnama» atly halkara taslamasyndan gelip çykýan wezipeleri doly ýerine ýetirýär. Ýurdumyzda gümrük işinde halkara hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilmegi geljekde hem, döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna uly itergi berer.