Habar

2025-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Italiýa Respublikasyna resmi saparynyň çäginde Geljekki gümrük hyzmatdaşlygy hakynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Italiýanyň gümrük we monopoliýa agentliginiň arasynda Bilelikdäki Jarnama gol çekildi.

Bu resminama, iki ýurduň arasynda gümrük işiniň düzgünleşdirilişi üçin täze mümkinçilikleri açýar we iki tarapyň hem hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklaýar.

Bilelikdäki jarnamada iki tarapyň hem öňdebaryjy tejribäni we gümrük gözegçiliginiň häzirki zaman usullaryny paýlaşmak, şeýle hem halkara söwda amallaryny ýeňilleşdirmek we gümrük işgärleriniň hünärlerini ýokarlandyrmak boýunça çäreleri göz öňünde tutulýar.

Resminama gol çekilmeginiň ähmiýeti bellemek isleýäris. Bilelikdäki çäreler häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga, gümrük gözegçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmaga we gümrük amallaryny çaltlaşdyrmaga, iki ýurduň arasynda ykdysady gatnaşyklaryň has hem pugtalandyrylmagyna ýardam eder diýip ynanýarys.