Habar

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy ýurdumyzda e-TIR halkara ulgamyny işe girizmek boýunça işleri tamamlaýjy tapgyrda alyp barýar. Bu barada 2026-njy ýylyň 20-nji maýynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen e-TIR halkara ulgamyny ornaşdyrmak boýunça utgaşdyryjy iş maslahatynda aýdyldy. Iş maslahaty Halkara ýol ulaglary bileleşiginiň (IRU), Türkmen halkara awtoulagly daşaýjylarynyň assosiasiýasynyň (THADA) hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi.

Çäräniň barşynda, Türkmenistanda e-TIR ulgamyny ornaşdyrmak boýunça tehniki meseleleri we ulgamy işe girizmek bilen bagly ýerine ýetirilýän işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurdumyzyň e-TIR ulgamyna goşulmak üçin hukuk binýady döredildi, zerur bolan guramaçylyk we tehniki işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Şu ýylyň iýun-iýul aýynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gümrük edaralary bilen bilelikde e-TIR ulgamy synag görnüşinde işe girizmek boýunça degişli işler geçirilýär.

Halkara bilermenleriniň belleýşi ýaly, e-TIR ulgamy halkara ýük daşamalarynda maglumat alyşmagy çaltlandyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. Bu ulgamyň ornaşdyrylmagy kagyz resminama dolanyşygyny ep-esli azaltmaga, serhet geçelgelerinde sarp edilýän wagty iň pes derejä düşürmäge we gümrük amallarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.