Habar

2023-nji ýylynyň 12-nji martynda ýurdumyzyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynyň täze möwsümine badalga berildi. Bu ýaryşlara Döwlet gümrük gullugynyň «Gümrükçi» sport topary uly ruhubelentlik bilen gatnaşýar.

Daşoguz welaýatynyň çäginde üç tapgyrda geçirilen bu ýaryşda «Gümrükçi» sport topary garşydaşlarynyň ählisini ýeňip, 9 utuk bilen ýaryşda öňe saýlanmagy başardy. Ýaryşyň netijeleri barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda giňişleýin habar berilýär.

Naýbaşy futzal ligasynyň nobatdaky tapgyry paýtagtymyzda dowam eder. Türgenlerimize iň ýokary netijeleri gazanyp, bu sport ýaryşynda ýeňişli orunlary arzuw edýäris.