Habar

2023-nji ýylyň 10-njy maýynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» AGPJ-nyň edara binasynyň mejlisler jaýynda «Ykdysady gümrük düzgünleriniň üstaşyr ulag geçirijiligi ösdürmekdäki ähmiýeti» atly pudagara okuw maslahaty  geçirildi.

         Bu okuw maslahatyna Döwlet gümrük gullugynyň we ýurdumyzyň ulag we oba hojalyk toplumlarynyň degişli edaralarynyň hem-de hususy kärhanalaryň wekillerinden ybarat bolan topar işjeň gatnaşdy.

         Türkmenistanda ykdysady gümrük düzgünleriniň ulanylyşy we olaryň üstaşyr ulag geçelgeleriniň ýük geçirijiligini ösdürmekdäki ähmiýeti, Maglumat tehnologiýalaryň – halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmekdäki orny,  Daşary söwda işinde INKOTERMS-iň ähmiýeti we ulag-logistika, Ulag serişdeleriniň resminamalary we olary resmileşdirmek ýaly temalar boýunça okuw maslahatynyň dowamynda Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary çykyş etdiler.  

Şeýle-de okuw maslahatynyň çäginde oňa gatnaşyjylar tarapyndan  ýurdumyzda ulag-logistikany ösdürmek, ulag serişdeleri arkaly ýük geçirijiligi artdyrmak ýaly ugurlar boýunça pikir alyşmalar boldy. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Karantin gullugynyň, «Mermer kenary» hususy kärhanasynyň we beýleki taraplaryň wekilleriniň eden çykyşlarynda bu geçirilen okuw maslahatynyň tejribe alyşmakda we bilim derejeleri has-da kämilleşdirmekde ýokary ähmiýetiniň bardygy bellenilip geçildi.