Habar

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy şu aşakdaky lotlar boýunça önümleri satyn almak üçin tender yglan edýär:

Lot №1 – Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy üçin wideogözegçilik ulgamyny satyn almak  hem-de Gözegçilik-seljeriş merkezini gurnamak we döretmek.

Lot №2 – Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň aragatnaşyk ulgamyny täzelemek üçin döwrebap enjamlary we programma üpjünçiligini satyn almak we gurnamak.

Ähli gyzyklanma bildirýän kompaniýalar bäsleşige gatnaşmak üçin arzalaryny Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Serkerdeler öýüne ibermelidir. Bäsleşige gatnaşmak üçin töleg - 200 ABŞ dollary.

Arzalar we teklipler sagat 9.00-11.00 aralygynda 2024-nji ýylyň 24-nji iýulyna çenli kabul ediler.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

21-55-44, 70-17-86, 39-41-82, 39-41-80

Elektron salgy: infocustoms@sanly.tm