Habar

2024-nji ýylyň 28-nji iýunynda döwrebap gulluk ýaşaýyş jaýlarynyň ýene biri Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde açylyp ulanylmaga berildi. Dabaraly çärä Döwlet gümrük gullugynyň ýolbaşçylary we harby gullukçylary, Mejlisiň deputatlary, ýaşuly nesillerimiz, medeniýet we sungat ussatlary we beýlekiler gatnaşdylar. Şeýle wakanyň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde baýram edilýän ýylynyň ajaýyp günlerinde geçirilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Dabaranyň geçýän ýerinde toý däp-dessurlary ýaýbaňlandyrylyp, milli ýörelgelere uly ähmiýet berildi. Milli tagamlarymyz taýýarlanylyp,  dabara gatnaşyjylara hödür kerem edildi. 

Täze gulluk ýaşaýyş jaýynyň ähli otaglary – giňligi, arassalygy, ýagtylygy, türkmen maşgalasyna mahsus öý bezegleri, milli aýratynlyklar, türkmen halylary, döwrebap mebeller bu ýere göçüp gelen Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylarynyň maşgalalarynda ýakymly duýgulary döredýär. Munuň özi myhmanlar we çagalar üçin örän täsirli we oňaýly şertleri emele getirýär. Aşhana otagynyň enjamlaşdyrylyşy, hojalyk esbaplary,  beýleki durmuş hyzmatlar ulgamy babatda zerur bolan serişdeler we aragatnaşyk üpjünçiligi maşgala agzalary üçin has döwrebap ýaşaýyş we dynç alyş gurşawyny üpjün edýär.

Dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berlen bu döwrebap gulluk ýaşaýyş jaýyndan öýli bolan Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary täze jaýlaryň açarlaryny maňlaýlaryna sylyp, geljekde hem ata Watanymyza, Hormatly Belent Serkerdebaşymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza ak ýürekden wepaly gulluk etjekdiklerine ynandyrdylar.