23.08.2022
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa Russiýa Federasiýasynyň Ulýanowsk oblastynda bolup geçen ýol-ulag heläkçiliginiň netijesinde Gyrgyz Respublikasynyň köp sanly raýatynyň aradan çykandygy zerarly gynanç hatyny iberdi.
23.08.2022
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana ýurduň Gaziantep we Mardin welaýatlarynda bolup geçen ýol-ulag heläkçilikleriniň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi.
22.08.2022
Tamamlanan hepde söwdanyň ýokarlanýandygy bilen tapawutlandy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.
21.08.2022
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýolbaşçylary täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
Düýn Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa bilen bilelikde Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ýanyndaky ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdiriýetiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
20.08.2022
Türkmenistan ulag ulgamyndaky ählumumy başlangyçlary durmuşa geçirmäge girişýär
15-16-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki maslahat halkara ähmiýetli waka öwrüldi. Düýn Daşary işler ministrliginde guralan brifing BMG-niň howandarlygynda Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan guralan forumyň netijelerine bagyşlandy.
19.08.2022
Medeniýet täze taryhy döwürde Türkmenistanyň ösüşiniň ruhy binýadydyr
Medeniýet giň, taryhy we filosofik manyda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Garaşsyz Türkmenistanyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşiniň binýat goýujy ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.