30.04.2022
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, käbir beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
30.04.2022
Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” atly täze kitaby çapdan çykdy
Milli Liderimiziň bir aýlyk dynç alşynda tamamlan «Ömrümiň manysy» atly edebi-filosofik eseri halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçip gelýän milli ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň özboluşly jemlenmesi boldy.
29.04.2022
Hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň gurulýan täze edara ediş merkezinde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi
Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz saparyň barşynda bu sebitiň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy hem-de Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi.
28.04.2022
Türkmenistanyň Prezidenti Niderlandlaryň Patyşasyny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Niderlandlaryň Patyşasy Willem-Aleksandra Niderlandlaryň milli baýramy — Patyşanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we hoşniýetli arzuwlaryny iberdi.
28.04.2022
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş saparyny amala aşyryp, onuň dowamynda paýtagtymyzyň günorta böleginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam basan Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy.
27.04.2022
Türkmenistanyň Prezidenti Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidenti Siril Ramafosa we ýurduň ähli halkyna Günorta Afrika Respublikasynyň milli baýramy — Azatlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.