Habar

2025-nji ýylyň 24–30 awgusty aralygynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekili, Türkmenistanyň Ulag-logistika merkeziniň işgärleri bilen bilelikde, Germaniýa Federatiw Respublikasyna tanyşdyryş okuw saparyna gatnaşdy. Çäre «Merkezi Aziýada söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek» atly Sebitleýin taslamanyň çäklerinde Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) tarapyndan guraldy.

Iş saparynyň maksady logistika we üpjünçilik zynjyrlaryny dolandyrmak boýunça Germaniýanyň tejribesini öwrenmek boldy. Saparyň maksatnamasynyň çäklerinde öňdebaryjy kompaniýalar bilen tanyşlyk guraldy. Rhenus Group kompaniýasy AutoStore ulgamlarynyň, awtonom mobil robotlaryň, awtomatlaşdyrylan ulaglaryň ornaşdyrylyşy we «geljegiň ammary» konsepsiýasy bilen tanyşyldy. Henkel HCB Logistics kompaniýasy bolsa AGV tehnologiýalaryny we 100% täzelenýän energiýany ulanýan paýlaýyş ulgamy bilen tanyşdyrdy. Mundan başga-da, gatnaşyjylar DHL Innovation Center (Bonn ş.), Duisburg porty, Pfenning Logistics, Emons company, BLG Logistics we Am Zehnhoff-Söns ýaly kompaniýalarda häzirki zaman ammar dolandyryş tejribeleri, multimodal logistika we durnukly ösüş çözgütleri bilen tanyşdylar. Saparyň dowamynda sanlylaşdyrma, awtomatlaşdyrma we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň ulanylyşyna aýratyn üns berildi.

Türkmen wekilleriniň bu çärä gatnaşmagy diňe bir Germaniýanyň öňdebaryjy tejribesi bilen tanyşmaga däl, eýsem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hünärmenleri bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge mümkinçilik berdi. Gazanylan tejribeler ýurdumyzda logistika infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmaga we gümrük amallaryny kämilleşdirmäge hyzmat eder.