Habar

2025-nji ýylyň 15-19-njy sentýabry aralygynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň Urgenç şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň maksady Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky daşary söwdanyň statistiki maglumatlaryny deňeşdirmek boýunça iş duşuşygyny geçirmek.

Iş duşuşygy, 2022-nji ýylyň 14-nji iýulynda Daşkent şäherinde gol çekilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň arasynda özara söwdada gümrük serhedinden geçirilýän harytlar barada maglumatlary alyşmak hakyndaky Teswirnamany ýerine ýetirmegiň çäginde geçirildi.

Duşuşyk dürli haryt toparlary üçin import we eksport maglumatlaryny deňeşdirmek, mümkin bolan gapma-garşylyklary ýüze çykarmaga we baha bermäge gönükdirildi, bu bolsa öz gezeginde Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky söwda barada özara yzygiderli maglumatlar toplumyny döretmäge mümkinçilik berdi.