Gümrük habarlary

Rentgen barlag enjamynyň şekillerini okamak boýunça ýöriteleşdirilen tälim okuwy
23 Awg
Rentgen barlag enjamynyň şekillerini okamak boýunça ýöriteleşdirilen tälim okuwy

Aşgabatda rentgen barlag enjamynyň şekillerini okamak boýunça ýöriteleşdirilen tälim okuwy geçirilýär. Bu tälim okuwy Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan guraldy. Ol 19-njy awgustda başlandy.

Çärä Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hem-de Içeri işler ministrligini ulag polisiýasynyň işgärleri gatnaşýarlar.

Bu okuw çäresi Türkmenistanyň Hökümetiniň ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi bilen bilelikde 2019-njy ýylda amala aşyrmaly çäreleriň meýilnamasynyň çäklerinde geçirilýär.

Ýöriteleşdirilen tälim okuwynyň maksady Türkmenistanyň howa menzillerinde howpsuzlygy güýçlendirmek hem-de işgärleriň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmakdan ybarat.

Tälim okuwynyň gün tertibinde Aşgabat Halkara howa menziliniň gözegçilik geçiriş nokadynda amaly okuwlaryň geçirilmegi hem göz öňünde tutulan. Gün tertibine laýyklykda 23-nji awgustda amaly okuw geçirildi. Bu amaly okuwyň maksady gözegçilik geçiriş ýerlerde barlagy geçirmegi kämilleşdirmäge gönükdirilen. Amaly okuwyň dowamynda oňa gatnaşyjylar rentgen barlag enjamyny dolandyrmak, geçirilmegi gadagan edilen zatlary we harytlary ýüze çykarmak maksady bilen, rentgen şekillerini okap bilmek başarnygyny artdyrdylar.  

Ýöriteleşdirilen tälim okuwy 30-njy awgusta çenli dowam edýär.