Habar

Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti (GIZ) tarapyndan Merkezi Aziýa ýurtlaryň çäklerinden harytlaryň eksportynda we üstaşyr geçirilmeginde sarp edilýän wagt we çykdajylar boýunça geçirilen barlaglarynyň netijelerini mälim etdi.

Geçirilen barlaglarda, 2025-nji ýylyň awgust-oktýabr aýlarynda ýurdumyzyň Garabogaz, Farap we Daşoguz awtoýollary gümrük nokatlarynda eksport we üstaşyr maksatly ýükleri daşaýan awtoulaglaryň gümrük amallary üçin sarp edilýän wagty Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň gümrük nokatlary bilen deňeşdirilen. Bu seljermä görä, Türkmenistanyň gümrük nokatlaryndan awtoulaglaryň geçiş wagty ortaça 37 minut bolup, bu görkeziji Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda iň gysga wagt hasaplanylýar.  Mysal üçin: Gazagystan – 1 sagat 30 minut, Täjigistan – 1 sagat 40 minut, Gyrgyzystan – 1 sagat 44 minut, Özbegistan – 1 sagat 10 minut.

Gümrük serhetlerinde ulaglaryň nobatlylygy boýunça geçirilen seljermelerde hem, ýurdumyzyň gümrük nokatlarynyň görkezijileri ýokary bolup durýar. Ýagny, ýurdumyzyň gümrük nokatlarynda awtoulaglaryň nobata durýan wagty 35 minuda çenli bolup, bu görkeziji Gazagystanda 2 günden gowrak, Täjigistanda – 1 sagat 15 minut, Gyrgyzystanda – 40 minut, Özbegistanda – 12 sagat 20 minuda çenli bolup durýar.

Bu görkezijiler Türkmenistanyň Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ygtybarly üstaşyr köpri hökmünde ornunyň barha pugtalanýandygyny tassyklaýar. Bu strategik ugurda, ýurdumyzyň gümrük geçelgelerinde infrastrukturasynyň we mümkinçilikleriniň yzygiderli ösdürilýändigi, "ýaşyl geçelgeleriň" döredilmegi we sanly çözgütleriň işjeň durmuşa geçirilmegi bilen, gümrük gözegçiliginiň utgaşykly we netijeliligini amala aşyrylýandygyny görkezýär.