Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy
3 Okt
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy

2019-njy ýylyň 2-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň käbir agzalarynyň, Aşgabat şäheriniň häkiminiň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, iri gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar gullugy habar berýär.

Milli Liderimiz iş saparynyň barşynda Çandybil şaýolunyň ugrunda täze gurulýan desgalarda işleriň barşy bilen tanyşdy. Bu desgalaryň hatarynda Halkara estetiki bejeriş merkezi, «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik banky, «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň binasy, Halk Maslahatynyň Diwanynyň binalar toplumy, Maslahatlar merkeziniň binalar toplumy, «Arkadag» kaşaň myhmanhanasy bar. 

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, paýtagtymyzyň şu böleginde binalar gurlanda, ýerli tebigy aýratynlyklar göz öňünde tutulmalydyr — tebigatyň dag görnüşleri we häzirki zaman täze gurluşyklary biri-biri bilen sazlaşmalydyr.

Amala aşyrylýan toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasynyň öňde goýlan ähli wezipelerini çözmäge täzeçil we oýlanyşykly çemeleşmäni, öňdebaryjy tehnologiýalary we işläp taýýarlamalary, iň gowy dünýä tejribesini çekmegi ugur edinýär. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, gurluşyklaryň giň gerimini nazarda tutup, desgalaryň hiliniň ýokary derejesiniň üpjün edilmegine hem-de milli binagärlik aýratynlyklaryna üns bermegiň zerurdygyny ýene-de bir gezek nygtady.