Gümrük habarlary

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda «Türkmenistan we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy» atly maslahat geçirildi
19 Okt
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda «Türkmenistan we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy» atly maslahat geçirildi

2019-njy ýylyň 19-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynda Gullugyň şahsy düzüminiň, şeýle hem Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň we Ýokary kazyýetiň wekilleriniň gatnaşmagynda «Türkmenistan we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy» atly maslahat geçirildi. Bu maslahat Aşgabatda 10-11-nji oktýabrda geçirilen GDA döwletleriniň Döwlet Baştutanlarynyň mejlisine bagyşlandy. 



Çykyş edenler ýurdumyzyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde bütin ýylyň dowamynda Aşgabatda geçirilen ýygnaklaryň ähmiýetini bellediler. Aýratyn hem, GDA döwletleriniň Döwlet Baştutanlarynyň mejlisiniň jemleri barada aýdyldy.



Hormatly Prezidentimiziň öňe süren hem-de ykdysady we ynsanperwerlik ulgamlaryndaky özara hereketleriniň ilerledilmegi, şeýle hem taryhy-medeni gymmatlyklaryň saklanylmagy bilen birlikde ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem pugtalandyrylmagyna gönükdirilen başlangyçlary aýratyn bellenilip geçildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň GDA agza-döwletleriniň Ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň Döwletara gaznasynyň “Ynsanperwer hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki hyzmatlary üçin” medaly bilen sylaglanandygy aýratyn bellenilip geçildi.