Gümrük habarlary

«Röwşen» haryt nyşanly aýakgap önümleri Russiýa Federasiýasyna eksport edildi
25 Okt
«Röwşen» haryt nyşanly aýakgap önümleri Russiýa Federasiýasyna eksport edildi

2019-njy ýylyň oktýabr aýynyň 22-ne Mary welaýat gümrükhanasynyň «Mary» gümrük postundan «Röwşen» haryt nyşanly 6671 jübüt aýakgap önümleri ilkinji gezek Russiýa Federasiýasyna eksport edildi.

Mary şäherinde ýerleşýän «Röwşen» hususy kärhanasynyň öndürýän aýakgaplary diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem daşary ýurtly müşderileridir we telekeçileri tarapyndan tanalyp isleg bildirilip başlandy.

«Mary» gümrük postunyň işgärleri soňky döwürde eksport edilýän harytlaryň möçberleriniň artýandygyny buýsanç bilen belleýärler. Eksport edilýän harytlaryň görnüşleri hem birsyhly artýar. Mysal hökmünde eýýäm birnäçe gezek Hytaý Halk Respublikasyna iberilen doňdurma önümlerini görkezmek bolar.

Ýerli önüm öndürijileriň işiniň Hormatly Prezidentimiz tarapyndan goldanmagy bilen, türkmen harytlary dünýä bazarlarynda öz mynasyp orunlaryna eýe bolýarlar.