Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin welosiped ýörişine gatnaşdy
8 Apr
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin welosiped ýörişine gatnaşdy

2016-njy ýylyň 7-nji aprel. Şu güni Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistan halkara jemgyýetçiligi bilen bilelikde Bütindünýä saglyk gününi giňden belleýär. Täze taryhy eýýamda bu sene biziň ýurdumyzda hakyky ählihalk baýramçylyk derejesine eýe boldy. Munuň özi häzirki türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar bolmagynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, halkymyzyň saglygy we abadançylygy baradaky alada we şunuň bilen baglylykda, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hem-de sport hereketini höweslendirmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Milli Liderimiz sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary we wagyzçysy bolmak bilen, bu babatda ildeşlerimize görelde bolup, hemmeleri, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlary bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmaga ruhlandyrýar.

Ine, şu gün hem döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda guralan,  türkmenistanlylaryň müňlerçesini birleşdiren köpçülikleýin welosiped ýörişine gatnaşdy. Bu baýramçylyk sport çäresi milli sagaldyş hereketine saldamly goşant boldy. Şol hereket bolsa soňky ýyllarda ýurdumyzda giň gerime eýe boldy.

Welosiped sporty dünýäde sportuň iň meşhur görnüşleriniň biridir. Türkmenistanda hem bu sportuň köpýyllyk taryhy bar. Ol öz gözbaşyny 1894-nji ýylda Aşgabatda ilkinji welosipedçiler jemgyýetiniň döredilmeginden alyp gaýdýar. Bu jemgyýetiň döredileninden bir ýyl geçenden soň, welosipedçileriň ilkinji ýaryşy geçirildi. Bu ýaryş sportuň bu görnüşiniň ýurdumyzda ösüşiniň başyny başlady. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen welosportuň däpleri üstünlikli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, 2013-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Karara gol çekendigini ýatlatmalydyrys. Şol resminama ýurdumyzda welosporty höweslendirmäge, bar bolan düzümi döwrebaplaşdyrmaga, türkmenistanlylary sportuň bu görnüşi bilen meşgullanmaga giňden çekmäge gönükdirilendir.