Gümrük habarlary

 Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe üstaşyr ulag geçelgesini döretmek barada iş maslahaty
5 Apr
Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe üstaşyr ulag geçelgesini döretmek barada iş maslahaty

2016-njy ýylyň 31-nji martynda Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherine Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe üstaşyr ulag geçelgesini döretmek babatda ylalaşygyň taslamasyny taýýarlamak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin agzalan bäş ýurduň hünärmen wekilleriniň gatnaşmagynda nobatdaky iş maslahaty geçirildi. 

Türkmenistana Döwlet gümrük gullugynyň işgäri hem wekilçilik etdi. 

Iş maslahatynyň dowamynda taslama bilen bagly meseleler, ýagny sürüjilere köp gezekleýin wizalary bermek, multimodal ýük gatnawlarynyň mümkinçilikleri, gümrük geçelgelerinde awtoulaglar üçin döredip boljak ýeňillikler, şol sanda salgyt ýeňillikleri, demir ýol ulgamynda gatnawlaryň ýagdaýlary ara alnyp maslahatlaşyldy.