Habarlar

Aşgabatda Halkara sergi-ýarmarkasy we ylmy maslahat açyldy
22 Apr
Aşgabatda Halkara sergi-ýarmarkasy we ylmy maslahat açyldy

2016-njy ýylyň 20-nji aprelinde Paýtagtymyzda Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanan iri möçberli çäreleriň çäklerinde nobatdaky Halkara sergi-ýarmarkasy hem-de VIII halkara ylmy maslahat açyldy. 

“Türkmen atlary” döwlet birleşigi hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen her ýyl bilelikde geçirilýän pudaklaýyn forumlaryň ýokary abraýyny oňa gatnaşyjylaryň düzümi nobatdaky gezek tassyklaýar. Olaryň arasynda dünýäniň atçylyk pudagyna wekilçilik edýän 25 döwletinden öňdebaryjy kompaniýalaryň we şereketleriň 100-den gowragy bar. 

Gatnaşyjy ýurtlaryň hatarynda Fransiýa, Germaniýa, Beýik Britaniýa, Irlandiýa, Russiýa, Ispaniýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Argentina, Urugwaý, Hytaý, Singapur, Çehiýa, Polşa, Bolgariýa we beýlekiler bolan atçylyk pudagynyň, atçylyk sporty we syýahatçylyk pudagynyň wekilleri dünýäde atlaryň iň meşhur tohumynyň — arassa ganly ahalteke bedewleriň watany bolan Türkmenistana hem-de pudagy ösdürmekde gadymy milli däplerini häzirki zaman ýagdaýlary we tehnologiýalary bilen utgaşdyryp, kämilleşdirmek bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda dünýäniň atçylyk jemgyýetine işjeň ýakynlaşýan ýurt hökmünde-de aýratyn gyzyklanma bildirýärler.