Habarlar

Hormatly Prezidentimiz daşary ýurtly toparlaryň wekilleri hem-de türkmen bedewiniň baýramçylygyna gatnaşýan hormatly myhmanlar bilen duşuşyklary geçirdi.
25 Apr
Hormatly Prezidentimiz daşary ýurtly toparlaryň wekilleri hem-de türkmen bedewiniň baýramçylygyna gatnaşýan hormatly myhmanlar bilen duşuşyklary geçirdi.

2016-njy ýylyň 24-nji aprelinde Halkara atçylyk toplumynda bolmagynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Russiýanyň “ARETI” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Igor Makarow, türkmen bedewiniň baýramçylygy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Saud Arabystany Patyşalygynyň içeri işler ministriniň geňeşçisi Emir Muhammed ben Saad ben Halid Al Saud hem-de Belarusuň Milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy Mihail Mýasnikowiç bilen duşuşyklary geçirdi.