Habar

2022-nji ýylyň 21-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri ABŞ-nyň Söwda ministrliginiň ýanyndaky Täjirçilik hukugynyň ösüş maksatnamasy (CLDP) tarapyndan wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly guralan “tegelek stol” maslahatynyň işine gatnaşdy.

Maslahatda, CLDP-niň bilermenleri elektron söwdadaky päsgelçilikleri aradan aýyrmak we elektron söwdanyň ösdürilmegi üçin zerur bolan hukuk esaslaryny döretmek boýunça halkara tejribesi bilen gatnaşyjylary tanyşdyrdylar we Merkezi Aziýa sebitinde söwdany ösdürmek boýunça görülmegi mümkin bolan çäreler barada teklipleri bilen paýlaşdylar. Ýurtda we sebitde elektron söwdany ösdürmek bilen baglanyşykly gümrük amallary, sanly söwda ulgamy hem-de intellektual eýeçilik hukugy boýunça mowzuklar gozgaldy. 

CLDP maksatnamasy, Merkezi Aziýa ýurtlarynda, şeýle hem Merkezi Aziýanyň we dünýäniň beýleki döwletleriniň arasyndaky söwdany ösdürmek meselesine gönükdirilendir. CLDP-iň bu ugurdaky işleri ABŞ we Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmek barada çarçuwaly Ylalaşygynyň (TIFA) ýerine ýetirilmegine gönükdirilendir.