Habar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Ýaponiýanyň Imperatory Naruhita, Premýer-ministri Fumio Kisida we ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga we özara ynanyşmaga esaslanýar. Türkmenistan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýär. Bilelikdäki tagallalarymyz netijesinde özara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýaryn” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow geçen döwürde birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga hem-de dostluga esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde uly sepgitlere ýetilendigini kanagatlanma bilen nygtady. Hyzmatdaşlyk ýyllarynda açyk syýasy dialog we netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýuldy, şeýle-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk pugtalandyryldy. Häzirki wagtda biziň ýurtlarymyz köptaraplaýyn görnüşde we abraýly halkara guramalaryň çäklerinde özara hereketlerini üstünlikli utgaşdyrýarlar.

Mundan başga-da, öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanda iri senagat taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmagy aýratyn bellärliklidir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi we bu ugurda hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge, kompaniýalaryň işjeňligi üçin zerur şertleri döretmäge taýýardygyny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň halklarymyzyň bähbidine doly laýyk gelýändigini nygtap, strategik häsiýete eýe bolan türkmen-ýapon gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmek üçin bilelikde tagalla ediljekdigine ynam bildirdi.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Imperator Naruhita we Premýer-ministr Fumio Kisida tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Ýaponiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.