Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
20 Maý
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

2016-njy ýylyň 19-njy maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky wezipä täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Akmalžon Kuçkarowy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Duşuşygyň barşynda milli Liderimiz hem-de myhman ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde hem-de abraýly sebit we halkara guramalarynyň hem-de düzümleriniň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejedigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady ulgamda we beýleki geljegi uly ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly şertleriň bardygy bellenildi. Bu babatda, hususan-da, Türkmenistanyň obasenagat toplumynda isleg bildirilýän özbek oba hojalyk tehnikasyny ibermekde özara gatnaşyklaryň köpýyllyk tejribesi bar. Şunda özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň hem-de ony täze  sepgitlere çykarmagyň netijeli guraly hökmünde bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň işine möhüm orun degişlidir.