Habar

Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!

Sizi ynsanperwerligiň we hoşniýetliligiň belent ýörelgelerini özünde jemleýän mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Oraza baýramyna bagyşlanan köpöwüşginli çäreleriň mähriban halkymyzyň kalbynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana bolan söýgini has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Dünýäniň iň gadymy baýramlarynyň biri bolan Oraza baýramynyň mazmunynda we dessurlarynda halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda baý durmuş tejribesi esasynda kämilleşdirilip, nesilden-nesle geçirilip gelinýän hem-de mynasyp dowam etdirilýän belent ynsanperwer ýörelgelerimiz, ruhy we ahlak gymmatlyklarymyz, ynanç-ygtykatlarymyz jemlenendir. Şoňa görä-de, Oraza baýramy agzybirligimizi hem-de jebisligimizi pugtalandyrýan baýram hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun tutýar.

Gudraty Güýçli Beýik Allatagalanyň birligine uýýan, hoşniýetliligi, dost-doganlygy mukaddes ýörelgä öwren türkmen halky asylly işleriň, beden we ruhy taýdan päklenmegiň keremli aýy hökmünde Oraza aýyna, rehim-şepagatlylygyň, haýyr-sahawatlylygyň gijesi bolan mübärek Gadyr gijesine uly hormat goýýar. Ähli döwürlerde bolşy ýaly, mukaddes Oraza aýynda parz we wajyp ýörelgelerden ugur alnyp agyz beklendi, Aşgabat şäherindäki Hezreti Omar metjidinde, Mary welaýatyndaky Gurbanguly hajy metjidinde, Balkan, Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň baş metjitlerinde tagat-ybadatlar berjaý edildi. Beýik Allatagalanyň mukaddes kitaby bolan Gurhany Kerime uýlup, juma we tarawa namazlary okalyp, Watanymyzyň abadançylygy, rowaçlygy, rysgal-berekediniň artmagy, ýurdumyzyň dünýä ýüzündäki şan-şöhratynyň belende göterilmegi üçin aýat-töwirler, alkyş-dilegler edildi. Öten-geçenleri ýagşylykda ýatlamak, hatyra dessurlaryny berjaý etmek ýaly nesilleri birleşdirýän we jebisleşdirýän asylly ýörelgelerimizden ugur alnyp, eziz Watanymyzyň ösmegine, parahat, abadan durmuşynyň esaslarynyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşan beýik şahsyýetlerimiziň ýagty ýadygärligine hormat goýuldy.

Aşgabat şäherinde, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň merkezlerinde, etrapdyr şäherçelerimizde, döwrebap obalarymyzda Oraza baýramy aýdym-sazly dabaralar bilen giňden bellenilýär. Her bir maşgalada ýagşy arzuwlar edilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belentligini hem-de öçmejek şan-şöhratyny dabaralandyrýan bu wakalar eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda yhlasly zähmet çekýän, döredýän, gurýan halkymyzyň agzybirligini has-da pugtalandyrýar, nesillerde ynsanperwerlik, watançylyk duýgularyny terbiýeleýär, üstünliklere, rowaçlyklara ruhlandyrýar.

Eziz watandaşlar!

Adamzat medeniýetiniň baýlaşmagyna ägirt uly goşant goşan ata-babalarymyzyň döreden maddy we ruhy gymmatlyklary, ýol-ýörelgeleri, dini ygtykatlary jemgyýetimiziň sazlaşykly ösüşini üpjün edýän milli baýlygymyzdyr. Göwünleri, kalplary, ýürekleri ýakynlaşdyrýan, döredijilikli işlere ruhlandyrýan, jemgyýetimizde, maşgalada, her bir şahsyýetde beýik buýsanjy we ynsanperwer duýgyny terbiýeleýän bu egsilmez milli baýlygymyzyň Ýer ýüzünde parahatçylygy pugtalandyrmakda, halklaryň dostlugyny berkitmekde, adamzadyň röwşen geljegini üpjün etmekde örän uly ähmiýeti bardyr. Şu nukdaýnazardan, döwlet syýasatynda beden we ruhy tämizligine, ahlak arassalygyna aýratyn orun beren ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerini, dini, dünýewi ygtykatlaryny many-mazmun taýdan baýlaşdyrmak hem-de dünýä ýaýmak, halkymyzyň döredijilik mümkinçiliklerini giňeltmek arkaly Garaşsyz Watanymyzyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berýäris.

Mähriban halkymyzyň egsilmez gujur-gaýratyna, yhlasly, tutanýerli zähmetine, manyly ömrüni beden we ruhy tämizligine, ahlak arassalygyna bagyş eden merdana pederlerimiziň asylly ýörelgelerine daýanyp, täze eýýamda berkarar döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmäge, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, ähli ugurlar boýunça ykdysady ösüşleri, ägirt uly öňegidişlikleri gazanmaga gönükdirilen işleri alyp barýarys. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir gününiň, aýynyň hem-de ýylynyň bagtyýarlyga, rysgal-berekede, rowaçlyklara, beýik ýeňişlere, üstünliklere beslenmegine, ata Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň abraý-mertebesiniň, şan-şöhratynyň dünýä dolmagyna mynasyp goşant goşmak biziň her birimiz üçin uly mertebedir.

Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!

Sizi mukaddes Oraza baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, mübärek Oraza aýynda amal edilen tagat-ybadatlar, öten-geçenlerimiziň ruhuny ýatlap berlen agzaçar sadakalary, okalan aýat-töwirler, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň abadançylygynyň, bütin adamzadyň bagtyýar hem parahat durmuşynyň hatyrasyna edilen dilegler, arzuw-umytlar Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!

Size berk jan saglyk, uzak ömür, bagt we maşgala abadançylygyny arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.