News

Ozon gatlagynyň goragyna şahsy goşandy üçin türkmen gümrükçileri baýraklar bilen sylaglandy
28 May
Ozon gatlagynyň goragyna şahsy goşandy üçin türkmen gümrükçileri baýraklar bilen sylaglandy

Aşgabat şäherinde Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ozon torunyň her ýylky duşuşygynyň çäklerinde gümrük işgärlerine baýraklary gowşurmak dabarasy geçirildi. Şu ýyl, ulanylmagy gadagan edilen hladagentleriň bikanun söwdasyny ýüze çykarmakda goşan şahsy goşantlary üçin Ispaniýadan, Bosniýa we Gersegowinadan, Horwatiýadan, Türkiýeden, Russiýa Federasiýasyndan, Özbegistan Respublikasyndan, Belarusiýadan, Gyrgyzystandan, Gruziýadan gümrük ulgamynyň işgärleri, şeýle hem Türkmenistandan üç sany gümrük işgäri baýraklar bilen sylaglandy. Olar Lebap welaýat gümrükhanasynyň “Türkmenabat” gümrük postunyň başlygynyň orunbasary uly leýtenant Batyr Nyýazow, Balkan welaýat gümrükhanasynyň “Hazar” gümrük postunyň başlygy kapitan Nazmyrat Çendirow we Aşgabat şäher gümrükhanasynyň “Aşgabat demirýollary” gümrük postunyň kiçi gözegçisi uly leýtenant Durmuş Jepbarow.