Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Baş metjidinde agzaçar sadakasyny berdi
2 Iýul
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Baş metjidinde agzaçar sadakasyny berdi

2016-njy ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gadyr gijesiniň gelmegi mynasybetli ýurdumyzyň Gypjakda ýerleşen Baş metjidinde agzaçar sadakasyny berdi.

Bu çäräniň sahawatly Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda geçirilýändiginiň çuňňur manysy bardyr. Şol gije Gudraty güýçli Allatagala ruhy päklige,  ynsanperwerlige, parahatçylyk söýüjilige çagyrýan mukaddes Gurhanyň ilkinji sürelerini bagyş edipdir. Ynsana diňe bir beden arassalygyny we ahlak päkligini peşgeş berýän bu sahawatly türkmen däp-dessury Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze üstünlikler gazanmak hem-de belent sepgitlere ýetmek üçin güýç-kuwwat berýär. Bu gadymy däpde aýratyn parasatlylyk we çuňňur many jemlenendir. Onda rehim-şepagatlylyga we kalbyň päkligine ymtylýan milletiň ruhy ýörelgesi beýan edilýär.