Izobutan – gaz kondensatynyň we ugurdaş nebit gazlarynyň düzümindäki, şeýle hem nebit gaýtadan işlenilende kemala gelýän alkanlar klasyndan bolan ugleroddyr. Ol senagatda ploimerizasiýalaşma proseslerinde sintetik önümleri öndürmek üçin ulanylýar. Ýokary oktanly izobutan hereketlendirji ýangyjy hökmünde ulanylýar.
Izobutanyň ozon gatlagyny dargatmaýanlygy onuň gowy tarapydyr. Bu hem onuň sowadyjy senagatda, aýratynam hojalyk sowadyjylarda hladagent hökmünde barha köp ulanylmagyna getirdi. Häzirki sowadyjylaryň köpüsi köne hladagentleri däl-de, täze R600a izobutany ulanmaga niýetlenendir. Izobutanyň hladagent hökmünde ulanylmagy elektrik energiýasyny az harçlanmagyna getirýär.
Izobutan önümçiligi Türkmenistanyň ozon dargadyjy himiki maddalary önümçilikden aýyrmak we olary ekologiýa taýdan howpsuz maddalara çalyşmak arkaly ozon gatlagyny goramak maksady bilen işlenilip taýýarlanylan Wena konwensiýasyna Monreal protokolynyň maksadyna ýetmegä goşandy bolar. Birleşen Milletler Guramasynyň senagat ösüşi boýunça (UNIDO) bilen bilelikdäki taslamasy Türkmenistanyň Monreal protokoly boýunça milli borçlaryny ýerine ýetirmegine gönükdirilendir.
Izobutan öndürýän desganyň gurulmagy önümçilik mümkinçililikleri giňelder we 2018-nji ýylyň oktýabrynda işe girizilen Gyýanlydaky polimer zadowyň önümleriniň görnüşini artdyrar. Balkan welaýatynda ýerleşýän esasan polipropilen we polietilen öndürmäge ýörüteleşen gaz himiýasy toplumy yklymda iň kuwwatly polimer kärhanalarynyň biridir. Önümçilikde çig mal hökmünbde golaýdaky ýataklardan alynýan tebigy gaz ulanylýar.
Bahasy ABŞ-nyň 3,4 milliard dollaryna barabar bu taslamany «Türkmengaz» Döwlet konserniniň tabşyrygy boýunça LG International Corp (Koreýa), Hyundai Engineering (Koreýa), Toyo Engineering (Ýaponiýa), Gap Inshaat (Тürkiýe) kompaniýalr konsersiumy amala aşyrdy. Zawod esasan Koreýanyň we Ýaponiýanyň enjamlary we tehnologiýalary bilen üpjün edilen,onuň käbir komponentleru ABŞ-dan we Ýewropa ýurltarynyň käbirinden getirildi.
Gyýanlydaky zawod innowasion tehnologiýaly, önümçiligi ekologiýa taýdan howpsuz we önümleri içerki hem-de daşarky bazarlarda uly islegli ýokary hilli önüm öndürýän kärhanadyr. Zawodyň taýýar önümi ýükleýän we daşyna çykarýan demir ýol şahaly öz ulag düzümi bar. Zawodyň önümleri artykmaç ýükläp-düşürmezden göni Türkmenbaşy deňiz portuna we ondan aňryk eksport bazaralryna düşýär, bu bolsa alyjylar üçin önümiň ahyrky bahasyny arzanlatmaga mümkinçilik berýär.