Habar

2022-nji ýylyň 27-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Federal gümrük gullugynyň (Russiýa Federasiýasy) wekilleri bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly iş duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň maksady Russiýada deňiz portlaryndaky gümrük nokatlarynda ornaşdyrylan Deňiz portalynyň işi bilen tanyşdyrmak.

Duşuşyga Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynyň wekilleri, Balkan welaýat gümrükhanasynyň Halkara deňiz portunyň gözegçilik-geçiriş nokadyndaky "Türkmenbaşy" gümrük nokadynyň müdiri, "Türkmenbaşy" halkara deňiz portunyň müdiri, şeýle hem Türkmenistanda gümrük amallaryny sanlylaşdyrmak işlerine gatnaşýan ýerli kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdy.

Duşuşykda Deňiz portalyň işi bilen giňişleýin tanyşdyrdylar. Russiýaly kärdeşler bu ulgamy işläp taýýarlanylyşyndan başlap işe ornaşdyrylyşyna çenli görülen çäreler, ulgamy ulanmagyň artykmaçlyklary we ş.m. barada jikme-jik maglumat berdiler.

Habar berlişi ýaly, Russiýanyň deňiz portlarynda Deňiz portalyny ornaşdyrmak işine Federal gümrük gullugynyň başlygynyň buýrugyna laýyklykda 2016-njy ýylda badalaga berildi. Bu ulgamyň işe girizilmegi bilen, kagyz resminamalary tabşyrmagyň zerurlygyny aradan aýyrmaga, deňiz barlag nokadynda gümürk amallaryny amala aşyrmagyň wagtyny azaltmaga, şol bir wagtda döwlet edaralaryna we işewürlige işiniň ýeňilleşdirilmegine uly mümkinçilikleri berdi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Russiýaly kärdeşlerine “Deňiz portalynyň işi bilen tanyşdyrmak üçin duşuşandyklary üçin minnetdarlyk bildirdiler we gulluklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.