Habar

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna, öňde boljak şanly senelere ýokary derejede taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berdi. Ol şu günler welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galla oragyna guramaçylykly girişmek, şol bir wagtyň özünde gowaça agrotehniki kadalara laýyklykda ideg işlerini geçirmek we sebitiň durmuş düzümini kämilleşdirmek ugrunda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Mundan başga-da, häkim ýeralma we gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de bu önümleriň bolçulygyny üpjün etmek ugrunda amala aşyrylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi. Pile taýýarlamak möwsümini netijeli jemlemek boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýär.

Şeýle hem häkim welaýatda Oba milli maksatnamasynda kesgitlenilen wezipeleri ýerine ýetirmek, medeni-durmuş we önümçilik maksatly binalaryň hem-de inženerçilik ulgamyna degişli desgalaryň gurluşyklarynyň depginini güýçlendirmek we olary bellenilen möhletinde tamamlamak ugrunda amala aşyrylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi.

Öňde boljak şanly senelere medeni-köpçülikleýin çäreleri taýýarlamak barada maglumat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gallaçy daýhanlaryň durmuşynda möhüm möwsüm bolan galla oragyna guramaçylykly girişmek we ony ýokary hilli hem-de gysga wagtda tamamlamak ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde gowaça ideg etmek, zyýankeşleriň we keselleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak meselelerine agrotehniki kadalara laýyklykda çemeleşilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz sebitiň ýeralma, gök we bakja ekinleri ösdürilip ýetişdirilýän meýdanlarynda agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň geljekki bol hasylyň kepilidigini belledi hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri talabalaýyk ýola goýmak babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem Arkadagly Serdarymyz welaýatda pile taýýarlamak möwsümini netijeli jemlemegiň hem-de bu babatda bellenen şertnamalaýyn borçnamany doly berjaý etmegiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek meselelerine döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigini aýdyp, şu ýyl welaýatda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyklarynda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmelidigine we olaryň bellenen möhletinde ulanmaga berilmelidigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneler, şol sanda Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni hem-de Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda häkime degişli görkezmeleri berdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galla oragy möwsümine başlamak boýunça ýerine ýetirilen taýýarlyk işleri, şeýle hem gowaça ýokary hilli ideg etmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi.

Welaýatda ýeralmanyň, gök we bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek ugrunda alnyp barylýan işlere, bu ekinlerden alynýan hasylyň mukdaryny artdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilýär. Häzir pile taýýarlamak möwsümini netijeli jemlemek hem-de pile tabşyrmak baradaky bellenen meýilnamany doly berjaý etmek boýunça işler hem bildirilýän talaplara laýyklykda dowam edýär.

Şeýle hem häkim welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan binalardaky işleriň ýagdaýy, medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyklaryny bellenen möhletde tamamlamak ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilýändigi barada hasabat berdi.

Mundan başga-da, öňde boljak şanly seneleri mynasyp garşylamak we olaryň hormatyna guraljak dabaralaryň medeni maksatnamalary hakynda hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, galla oragyna guramaçylykly girişmek maksady bilen, möwsümde işlediljek däne ýygýan kombaýnlaryň we bugdaý daşamakda ulanyljak awtoulaglaryň bökdençsiz hem-de öndürijilikli işledilmegini üpjün etmegi, galla kabul ediş bölümleriniň işini talabalaýyk ýola goýmagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň döwrüň ýokary talabyna laýyk derejede guralmalydygyna, ideg işlerinde oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmagyň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda häkime degişli tabşyryklary berdi.

Şu günler ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de bu önümler bilen içerki bazary doly üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işler möhüm bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ekinlerden bol hasyl almak ugrunda ähli zerur tagallalar edilmelidir.

Arkadagly Serdarymyz welaýatda pile tabşyrmak möwsümini guramaçylykly geçirmek we bu gymmatly çig maly taýýarlamak boýunça bellenen meýilnamany doly berjaý etmek üçin hemme çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny belledi hem-de bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda dowam edýän gurluşyk işlerini berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini aýdyp, olaryň bellenen möhletinde, ýokary hil derejesinde tabşyrylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iýun aýynda şanly senelere gabatlanylyp guraljak dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim şu günler welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galla oragyna guramaçylykly girişmek üçin görülýän taýýarlyk işleri, gowaça meýdanlarynda ideg işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.

Welaýatda ýeralma we gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, bu önümler bilen ilatymyzy üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem şu ýyl sebitde ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalarda gurluşyk işleriniň depginini güýçlendirmek ugrunda edilýän tagallalar barada hasabat berildi.

Ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneleri mynasyp garşylamak, olary döwrüň ruhuna kybap derejede dabaralandyrmak ugrunda toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Şanly seneleriň medeni maksatnamasy degişli derejede taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň depgininiň pesdigini belläp, onuň guramaçylyk derejesine nägilelik bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatda galla oragyny guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, kombaýnlaryň we ýük awtoulaglarynyň, galla kabul ediş bölümleriniň işini doly derejede bökdençsiz üpjün etmek boýunça ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz gowaça ekilen meýdanlarda häzirki döwürde alnyp barylýan ideg işleriniň talabalaýyk ýola goýulmagynyň, onda oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň doly güýjünde işledilmeginiň geljekki bol hasylyň kepilidigini belledi. Şunda mineral we beýleki dökünler bilen doly üpjün edilmelidir. Zyýankeşleriň we keselleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işler döwrüň talabyna laýyk derejede guralmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz sebitde azyk bolçulygyny berkitmek meselesine möhüm ähmiýet berilmelidigini, şunda ýazlyk ýeralmadan we gök-bakja ekinlerinden ýokary hasyl almak, netijede, hasyly öz wagtynda ýygnamak hem-de içerki bazarlarymyzy üpjün etmegiň zerurdygyny belläp, bu babatda häkime degişli tabşyryklary berdi.

Medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy häkimiň hemişe gözegçiliginde saklanylmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz şeýle hem Watanymyzyň okgunly ösüşini, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny alamatlandyrýan öňde boljak şanly senelere taýýarlyk görmek we olary ýokary derejede geçirmek meselelerine ünsi çekdi. Häkime dabaraly çäreleri talabalaýyk hem-de ýokary derejede guramak tabşyryldy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, galla oragyny guramaçylykly geçirmäge hemmetaraplaýyn taýýarlyk görlüşi, ýeralma we gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de bu önümler bilen ilatymyzy doly üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Şu ýyl welaýatda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşy barada maglumat berildi. Gurluşyk işlerinde ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegine we desgalaryň bellenen möhletlerde tamamlanmagyna möhüm ähmiýet berilýär.

Şeýle hem häkim ýüpekçileriň yhlasly zähmeti bilen taýýarlanylan piläni gaýtadan işleýän kärhanalara tabşyrmak işleriniň dowam edýändigi barada aýdyp, bu işleriň häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede guralýandygyny habar berdi.

Öňde boljak şanly senelere taýýarlyk görmek işleri dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça işleri aýratyn gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny aýdyp, orakda işlediljek däne ýygýan kombaýnlaryň we bugdaý daşamakda ulanyljak awtoulaglaryň möwsümde doly güýjünde ulanylmagyny, galla kabul ediş bölümleriniň bökdençsiz işini üpjün etmegi tabşyrdy. Galla oragynyň geçirilişine gözegçilik etmek we işleri guramaçylykly alyp barmak maksady bilen döredilýän ýörite toparlaryň işi talabalaýyk ýola goýulmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz gowaça ideg işleri bilen bir hatarda, oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny doly güýjünde peýdalanmak, ekinleri mineral dökünler bilen üpjün etmek, şol sanda zyýankeşleriň we keselleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak ugrunda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow welaýatda şaly ekişine girişmäge görülýän taýýarlyk işleri bilen gyzyklandy.

Ýazlyk ýeralma, gök we bakja ekinlerinden ýokary hasyl almak maksady bilen, olary ösdürip ýetişdirmek boýunça bellenilen agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirmek, daýhanlaryň tutanýerli zähmeti bilen kemala getirilen hasyly öz wagtynda ýygnamak hem-de içerki bazarlarymyzy bolelin üpjün etmek, topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda hem-de ekerançylygyň medeniýetini gowulandyrmakda möhüm ähmiýeti bolan suw tygşytlaýjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak meseleleri döwrüň möhüm talaby bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz şu ýyl welaýatda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz iýun aýynda belleniljek şanly senelere bagyşlap guraljak dabaralaryň guramaçylykly geçirilmelidigini, olaryň ýatda galyjy pursatlara beslenmelidigini belledi hem-de bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde alnyp barylýan işler, galla oragyna guramaçylykly girişmek we bu möwsümi ýokary derejede geçirmek ugrunda görlen taýýarlygyň derejesi barada hasabat berdi.

Häzirki döwürde welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek hem-de içerki bazarlarda bu önümleriň bolçulygyny üpjün etmek ugrunda zerur tagallalar görülýär. Şunuň bilen baglylykda, welaýatyň daýhanlary döwlet tarapyndan döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýarlar. Şol bir wagtyň özünde welaýatda taýýarlanylan piläni gaýtadan işleýän kärhanalara tabşyrmak işleri batly depginde dowam edýär.

Oba milli maksatnamasyna we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginini ýokarlandyrmak boýunça hemmetaraplaýyn tagallalar edilýär.

Şeýle hem şanly seneleri mynasyp garşylamak we olar mynasybetli dabaralary guramak boýunça degişli düzümleriň tagallalary utgaşdyrylýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, welaýatda alnyp barylýan işleriň, şol sanda galla oragyna guramaçylykly girişmek boýunça ýerine ýetirilen taýýarlyk işleriniň wajypdygyna ünsi çekip, bu ugurda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi. Möwsümde däne ýygýan kombaýnlaryň we hasyly daşamakda awtoulaglaryň, galla kabul ediş bölümleriniň bökdençsiz işini üpjün etmegiň möhümdigini aýdyp, bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gowaça talabalaýyk ideg edilmeginiň döwrüň baş talabydygyny belläp, ideg işlerinde oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň doly kuwwatynda kada laýyk işledilmeginiň zerurdygyny nygtady we bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şunda gowaça meýdanlarynda zyýankeşleriň we keselleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça geçirilýän işler möhümdir.

Döwlet Baştutanymyz ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirmek hem-de bu önümler bilen ilatymyzy bolelin üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işleriň hemişe gözegçilikde saklanylmalydygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz şu ýyl welaýatda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň depginini güýçlendirmek, olaryň bellenen möhletlerde ulanmaga tabşyrylmagyny üpjün etmek meselelerine zerur ähmiýet bermegi tabşyrdy.

Geljek aýda boljak şanly seneler mynasybetli guraljak dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada hem degişli işlere üns berilmelidir.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew şu günler ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleriniň derejesi, gowaça ekilen meýdanlarda alnyp barylýan ideg işleri we ýazlyk ýeralmadan, gök-bakja ekinlerinden ýokary hasyl almak ugrunda amala aşyrylýan hemmetaraplaýyn tagallalar barada hasabat berdi.

Şeýle hem wise-premýer şu günler dowam edýän pile taýýarlamak möwsümini netijeli jemlemek maksady bilen, Ahal we Balkan welaýatlarynda bu işleriň bellenilen möhletlere laýyklykda dowam edýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda möhüm möwsüm hasaplanylýan galla oragyna guramaçylykly girişmek, möwsümi ýokary derejede hem-de bellenilen möhletde geçirmek meseleleriniň wajypdygyna ünsi çekip, bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi.

Gowaçanyň we beýleki ekinleriň bol hasylyny kemala getirmek boýunça alnyp barylýan işleriň agrotehnikanyň kadalaryna doly laýyk derejede ýola goýulmagy döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, bu işleriň ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidir.

Soňra iş maslahatyna gatnaşýanlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm orun eýeleýän şanly seneler — Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni bilen mähirli gutladylar. Olar şanly seneler mynasybetli guralýan dabaralaryň taryhy pursatlara beslenjekdigini belläp, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Döwlet Baştutanymyz gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, bu seneleriň halkymyz üçin ähmiýetlidigini belledi hem-de olaryň şanyna guraljak dabaralarda mähriban ata Watanymyzyň ýeten derejesiniň we mähriban halkymyzyň döredijilikli zähmetiniň, bagtyýar durmuşynyň öz beýanyny tapmalydygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, ýurdumyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.