Düýn Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitiň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň barşy, desgalaryň çyzgylary hem-de bezeg taslamalary bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde giň gerimli taslamany üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de ozal berlen tabşyryklary ýerine ýetirmek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi.
Sebitde iň iri we ägirt uly ähmiýeti bolan bu taslamany iki tapgyrda durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Şäher düzümi durmuş hem-de beýleki maksatly desgalaryň toplumyny özünde jemleýär. Şolaryň hatarynda ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, mekdepler we beýleki ýöriteleşdirilen okuw jaýlary, saglygy goraýyş, medeniýet, söwda, hyzmatlar ulgamyna degişli edaralar, sport desgalary, edara binalary, ulag-aragatnaşyk we inženerçilik-tehniki ulgamlara degişli desgalar bar.
Gahryman Arkadagymyz bu ýerde ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň görnüşleri bilen gyzyklandy.
Welaýatyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew merkeziň çäklerinde gurulýan desgalar, olaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli taslamalar, desgalaryň ýerleşjek ýerleri baradaky çyzgylar, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada giňişleýin maglumat berdiler.
Görkezilýän taslamalaryň hatarynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň Baş meýilnamasy, merkeziň çäklerinde gurulýan Ahal welaýat çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň edara binasynyň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary, merkeziň Ruhyýet köşgüniň sahnasynda ýerleşdirilmegi meýilleşdirilýän ýazgylaryň görnüşleri, täze şäheriň sirk binalary toplumynyň içki bezegleriniň, tomaşa zalynyň görnüşleri we binada oturdylmagy meýilleşdirilýän enjamlaryň, serişdeleriň çyzgylary bar. Şeýle-de bu ýerde ýol-ulag düzümine degişli inženerçilik desgalarynyň görnüşleri görkezildi.
Hormatly Arkadagymyz taslamalaryň we binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylarynyň aýratynlyklary, özboluşly binagärlik çözgütleri bilen gyzyklanyp, binalaryň gurluşygynda hem-de timarlaýyş işlerinde ýokary hilli serişdeleriň ulanylmagynyň häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýandygyna ünsi çekdi. Gahryman Arkadagymyz sirkiň eýwanynda we zallarynda ýerleşdiriljek bezeg serişdeleri, suratlar bilen tanşyp, binada ýerine ýetirilýän işlerde türkmen bedewleriniň häsiýetli aýratynlyklarynyň nazara alynmalydygyny belledi. Şunda ulanylýan serişdeleriň hil derejesine möhüm ähmiýet berilmelidir.
Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygyna merkeziň çäginde oturdylmagy meýilleşdirilýän, ady rowaýata öwrülen Akhanyň ýadygärlik binasynyň aýratynlyklary boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada habar berildi. Şeýle-de Ahal welaýat çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde göz öňünde tutulýan muzeýiň ýerleşdiriljek ýeriniň çyzgylary görkezildi. Degişli ýolbaşçylar merkeziň Baş meýilnamasy düzülende, öňdebaryjy binagärlik meýilleriniň we iş tejribeleriniň öwrenilendigini habar berdiler.
Gahryman Arkadagymyz täzeçil usulda gurluşyk meýilnamalary düzülende, oňa ýurdumyzyň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň, aýratyn-da, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplarynyň işjeň çekilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň sebitlerinde giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň beýany bolan täze merkeziň gurluşygynda ulanylýan serişdeler ygtybarlylygy, uzak möhletleýinligi, ekologik taýdan arassalygy, owadanlygy, ýerli howa şertlerine laýyklygy bilen tapawutlanmalydyr.
Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesini üpjün etmek hem-de bu işleri bellenilen möhletlerde tamamlamak bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Şeýle-de ýurdumyzyň hususy gurluşyk kärhanalarynyň alyp barýan işleri, olaryň häzirki zaman tejribesinden we täzeçil usullardan peýdalanylyşy barada giňişleýin maglumat berildi.
Gahryman Arkadagymyz döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, desgalaryň gurluşygynda täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň işjeň ulanylmalydygyna ünsi çekdi. Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow merkeziň köçeleriniň ýerleşdirilişi, olaryň ugrunda bina ediljek inženerçilik desgalarynyň aýratynlyklary barada aýdyp, şunda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, işleriň bellenilen tertibe görä dowam etdirilmeginiň, ekologik talaplaryň göz öňünde tutulmagynyň günüň möhüm talabydygyny ýatlatdy.
Hormatly Arkadagymyz iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmekde üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýolugra merkeziň desgalarynyň biriniň ýanynda saklandy we bu ýerde ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň görnüşleri, olaryň hil derejesi bilen gyzyklandy. Gahryman Arkadagymyz jemagat hojalygyna degişli düzümleriň desgalarynyň gurluşygynyň ýokary derejesini üpjün etmegiň zerurdygyny ýene-de bir gezek belledi.
Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmelere üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.